Türkmenistan bilen Yrak günde 20 million kubometr tebigy gazy ibermek hakyndaky ylalaşyga gol çekdi diýip, “Biznes Turkmenistan” neşiri Yragyň energetika ministri Ziad Ali Fadele salgylanyp habar berdi.
Türkmen metbugatynyň habaryna görä, Ziad Fadel iberiljek tebigy gazyň Yragyň gaz elektrik stansiýalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen, ýurduň elektroenergetika düzümlerini düýpli gowulandyrjakdygyny aýdypdyr.
Tebigy gaz “Loxstone Energy” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, turbageçiriji ulgamlar arkaly Eýranyň üstünden geçiriler. Читать дальше...