Türkmen döwletiniň uçary ABŞ-nyň Florida ştatynda köpçüligiň ünsüni çekdi
ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fort-Loderdeýl aeroportunda birnäçe günläp duran Türkmenistana degişli uçar özüne ünsi çekdi. Ýerli media serişdelerinde bu uçar bilen bagly çap bolan maglumatlarda onuň Türmenistana degişlidigi we uçara "zeper ýetendigi" habar berildi. Bu habarlar Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapar etmeginiň arasynda peýda boldy.
Ýekşenbe gününden bäri Fort-Loderdeýl-Holliwud halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň golaýynda ýaşyl-ak reňkli “Boeing” uçary durdy we bu awiasiýa synçylarynyň ünsüni çekdi diýip, "local10.com" habar neşiri 18-nji fewralda habar berdi. Bu maglumatda uçaryň şol ýerde 15-nji fewralda peýda bolandygy aýdyldy.
"Awiasiýa synçysy tarapyndan düşürilen suratlarda uçaryň arka tarapynyň golaýynda mümkin bolan zeperiň bardygy görünýär. Onuň uzak wagtlap saklanmagyň sebäbi belli däl" diýlip, maglumatda bellendi.
X-da çap edilen suratlarda türkmen uçarynyň guýruk tarapynda deşige meňzeş tegmiliň bardygy göze ilýär. Şeýle-de, suratlaryň birinde uçaryň girelgesinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň durandygyny görmek mümkin.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara gidendigini 16-njy fewralda agşam habar berdi, emma onuň barýan takyk ýerini, şeýle-de onuň giden anyk senesini görkezmedi.
Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Gullugy (TDH) saparyň planlary barada jikme-jik maglumat bermezden, "Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady" diýip 16-njy fewralda ýazdy.
Türkmenistanyň uçarynyň Fort Loderdeýl (Fort Lauderdale) howa meýdanynda ýerleşýändigi barada "FlightRadar 24 Flight Spotters" atly Facebook toparynda hem birnäçe habar çap boldy. Bu höwesjeňler toparynda uçaryň 15-nji fewralda peýda bolandygy tassyklandy.
"Gundogar.media" garaşsyz neşiri Gurbanguly Berdimuhamedow "Aşgabatdan irden 16-njy fewralda däl-de, 15-nji fewralda uçup, ABŞ-a däl-de, Londona ugrady we ol ýerde 10 sagatdan gowrak wagt geçirdi diýip, ýazdy. Maglumatda Berdimuhamedowyň uçarynyň soň 10 sagatlap uçup, Florida ştatynyň Fort Loderdeýle gonandygy bellendi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapara başlandygy barada 17-nji fewralda çap eden habarynda hem saparyň maksadyna we gün tertibine anyk zat aýdylmady. Resmi maglumatda "dostlukly ýurda şu gezekki sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar" diýlip bellendi.
'Örän strategik sebit'Floridanyň "local10.com" ýerli neşiri Maýaminiň Dünýä işleri geňeşiniň prezidenti Aaron Rozene salgylanyp, bu saparyň Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa gyzyklanmasynyň täzeden bat almagy bilen baglanyşyklydygyny ýazdy.
“Bu örän strategik sebit” diýip, neşir Rozeni sitirledi we onuň Türkmenistanda "möhüm minerallara, esasanam gaza ägirt uly elýeterlilik döreýändigini belländigini, şeýle hem "terrorçylyga garşy göreşmek üçin möhüm pozisiýa” diýip aýdandygyny ýazdy.
Rozen Türkmenistany ataly-ogluň dolandyrýandygyny aýdyp, “Kaka wezipesinden çekildi we resmi dolandyryşa ogluna rugsat berdi we (ol) indi ýaşuly döwlet işgäri wezipesini saklaýar” diýip, neşir Maýaminiň resmisini sitirledi.
Şeýle-de, maglumatda bu saparyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň dynç günlerini Mar-a-Lago mülkünde geçirýän wagtyna gabat gelendigi bellendi, emma jik-jik maglumat berilmedi.
Bellesek, 19-njy fewralda Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň başlangyjy bilen döredilen Parahatçylyk Geňeşiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga 20-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy. Emma yglan edilen gatnaşyjylaryň arasynda Berdimuhamedow bolmady.
Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm daşary ýurt saparlarynyň käbirine hut özi gidýär. Onuň ABŞ-nyň Florida ştatynda näme edendigi we haçan gaýdandygy barada Türkmenistan tarapyndan heniz resmi habar bolmady.
Ikinji uçarGaraşsyz "Türkmen.news" neşiri Berdimuhamedowyň Fort-Loderdeýl halkara howa menziline "Boeing 777" (guýruk belgisi EZ-A780) bilen barandygyny we uçara zeper ýetendi barada çap bolan maglumatlaryň arasynda Türkmenistanyň başga bir uçarynyň Berdimuhamedowyň yzyndan barandygyny ýazdy.
Maglumatda "Boeing 737" (EZ-A700) uçarynyň, Aşgabatdan Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde gysga wagtlyk ýangyç guýmak üçin duralga edendigi, uçaryň Fort-Loderdeýlde dört sagat töweregi galyp, soňra Germaniýanyň Mýunhen şäherinde ýangyç guýmak üçin durup, Aşgabada uçandygy habar berildi.
Çarşenbe güni “local10.com” howpsuzlyk wekillerini we uçaryň uçmazyndan öň VIP ýolagçynyň uçara münmegini surata düşürendigini ýazdy.
Facebookdaky "FlightRadar 24 Flight Spotters" toparynda hem Fort-Loderdeýlde ikinji türkmen uçaryny görendikleri barada habar berildi. "FlightRadar"-yň özünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandan ugran uçarynyň hereketine degişli maglumat ýapyk durdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
