ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18 19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Gyrgyzystanda “Kloop” neşiriniň ençeme işgäriniň bank hasaplary doňduryldy

0

Gyrgyzystanda “Kloop” mediasynyň azyndan dört işgäriniň bank hasaplary doňduryldy diýip, neşiriň özi habar berýär.

Žurnalistler hasaplarynyň doňdurylandygyny banklaryň iberen duýduryşy arkaly bilipdirler. Banklar Bişkegiň Perwomayskiý etrap kazyýetiniň 2025-nji ýylyň iýul aýynyň başynda çykaran kararlaryna salgylanýarlar. Neşir bu çäräniň “Kloop” žurnalistleriniň käbir häzirki we öňki işgärlerine garşy köpçülikleýin bidüzgünçilige çagyrmak bilen baglanyşykly gozgalan jenaýat işi bilen ilteşiklidigini çaklaýar.

2024-nji ýylyň fewralynda kazyýet, Bişkek şäher prokuraturasynyň talaby boýunça, “Kloop Media” jemgyýetçilik fonduny we “Kloop” ýuridiki edarasyny ýapdy. Prokuratura neşiriň çap edýän materiallarynyň köpüsiniň döwlet we ýerli häkimiýetleriň wekillerini garalamak üçin, negatiw häsiýete eýedigini” öňe sürdi.

Bu Gyrgyzystanda garaşsyz žurnalistikanyň yzygiderli basyşlara duçar bolýan döwründe bolup geçýär.