"Men ýurduma dolanyp bilmeýärin, ol ýerde aýallaryň hukuklary bozulýar". Owganystanly gyz okuwyny geçmek üçin, Gazagystandan pena soraýar
Farida 23 ýaşynda. Ol Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän Farýab welaýatynda doglan owgan raýatydyr. Gyz bütin ömrüne wraç bolmagy arzuw edipdir. Emma birnäçe ýyl mundan ozal Owganystanda yslamçy "Talybanyň" häkimiýete gelmegi bilen olar aýallaryň hukuklaryny çäklendirip, diňe bir uniwersitetlerde däl, mekdeplerde-de okamagy gadagan etdiler.
Farida ol arzuwyndan el çekmäge taýýar däldi. Geçen ýyl ol Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okamaga hukuk berýän stipendiýany gazandy. Şonuň üçinem medisina ugrundan okamak maksady bilen Almaty şäherine geldi. Emma býurokratik kynçylyklar sebäpli, onuň wizasyny almak işleri dekabra çenli gijikdirildi. Şeýlelikde, Farida birinji semestriň ahyrynda Gazagystana geldi. Onuň okuwy öň başlanandygy üçin, synaglardan geçip bilmedi. Netijede, Faridanyň student wizasy awtomatiki ýagdaýda ýatyryldy, indi bolsa bu gyza yzyna sürgün edilmek howpy abanýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar Gazagystanyň häkimiýetlerini Faridany goramaga we oňa bosgunlyk statusyny bermäge çagyrýarlar. Olar bu gyzyň öz watanynda hökümete garaşly bolmadyk aýallaryň hukuklaryny goraýan guramalara gatnaşandygy sebäpli, tussag ediljekdigini nygtaýarlar. Emma şu wagta çenli Gazagystanyň häkimiýetleri bu gyza studentlik gaçybatalga gözleýän adamyň statusyny bermekden boýun gaçyryp gelýär.
"Meniň studentlik wizam ýatyrylanda, derrew Gazagystanyň häkimiýetlerine bosgunlyk statusyny bermegi haýyş edip ýüzlendim, ýüzugra hem olardan gadaganlyk aldym – diýip, Farida aýdýar. – Ýüz tutýanlaryň haýsy ýurtdandygyna garamazdan, Gazagystanyň bosgunlary asla kabul etmeýändigini bilýärin. Ýöne olar meniň öz ýurduma dolanyp bilmejegimi göz öňünde tutmaly, çünki ol ýerde aýallaryň hukuklary bozulýar, ol ýerde meniň howply ýagdaýa düşmegim mümkin!”
Farida “Talyban” häkimiýete gelenden soň, tutuş maşgalasynyň ýurtdan çykmaga mejbur bolandygyny aýratyn nygtaýar. Sebäbi onuň dogany parlamentiň agzasy bolupdy, Faridanyň özi hem hökümete garaşly bolmadyk hukuk goraýjy guramanyň agzasydy.
Faridanyň hossarlaryndan diňe babasy şol ýurtda galdy. Onuň aýtmagyna görä, babasynyň üsti bilen "Talyban" oňa habar ýetiripdir. Owganystan Yslam Emirliginiň Harby geňeşi ony aktiw hereketlerinden ýüz öwürmäge çagyrýandygyny, watanyna dolanyp, bu ýerde durmuşa çykmalydygyny, ýogsa onuň "iň agyr jezalara" sezewar ediljekdigini aýdypdyrlar.
"Men aktiwist bolan döwrümde, açykdan-açyk aýallaryň hukuklaryny goradym. Men Rumyniýa Radiosyna we Daily Telegraph India ýaly, dürli Ýewropa we bütindünýä habar beriş serişdelerine interwýu berdim. Mundan daşary-da, meniň aýal doganym «American Journal» žurnalynda ylmy işgär bolup işleýärdi. Maňa ol ýere dolanmak gadagan – diýip, ol gyz nygtap aýdýar. – Maňa ýurdumda ölüm ýa şoňa meňzeş başga agyr jezalar garaşýar”.
Farida köp ýurtlaryň şu günki günde hem Owganystanda aýallaryň ýaşaýan şertlerine düşünmeýändigini aýdýar:
"Talyplar ol ýerde zenanlaryň bilim almagyny islemeýärler, olaryň hukuklaryny çäklendirýärler – diýip, Farida bulary sanap görkezýär. – Aýallara ýanynda erkek adamy bolmazdan, köçä çykmak gadagan, gürleşmek hem gadagan edildi, garaz, olara bar zat gadagan! Meniň, dogrudanam, watanyma dolanasym, şol ýerde ösüp kämilleşesim gelýär, ýöne häzirki režimiň çäginde şeýle etmek mümkin däl”.
Gazagystanyň adam hukuklary boýunça halkara býurosynyň bu meselä goşulyşmagyndan soňra, Farida nähili-de bolsa, Gazagystanda pena gözleýän adamyň şahadatnamasyny almagy başarypdyr. Emma ol muny diňe bäşinji synanyşykdan soň alyp bildi. Şol bir wagtda, aklawçy Gülmira Kuatbekowanyň sözüne görä, Faridanyň dokumentlerini alan Almaty akimatynyň işgäri, dokumentleriň dogrudygyny tassyklamak üçin, olary Owganystana iberjekdigini aýdypdyr.
"Ol bu dokumentleri resmilere tabşyranda, ygtyýarly edaranyň işgäri dokumentleriň hakykydygyny ýa-da däldigini tassyklamak üçin, hökman "Talybana" iberiljekdigini aýdypdyr. Muňa düşünýärsiňizmi? Elbetde, gyzda muňa gaty gahar dörejegi belli. Ol şeýle gorkdy, diňe bir öz jany üçinem däl! Onuň aýtmagyna görä, ol ýurtdan gaçan garyndaşlary üçin hem gorkýar” diýip, Adam hukuklary boýunça býuronyň (Almaty) aklawçysy Gülmira Kuatbekowa aýdýar.
Farida adam hukuklary boýunça aktiwistler bilen bilelikde, Gazagystanda bosgunlyk statusyny bermekden ýüz dönderilmegi hakynda, kazyýete şikaýat etmekçi bolýar. Häzirlikçe onuň Gazagystanda kanun taýdan galmaga üç aýlyk möhleti bar, bu döwürde ol erkin hereket edip bilýär. Ýöne onuň meselesi şu döwür içinde çözülmese, ol watanyna dolanmaga mejbur ediler ýa-da başga ýurda gitmeli bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.