2024 - Türkmenistanda pasport almaga islegleriň we kynçylyklaryň güýçlenen ýyly
Türkmenistanyň raýatlarynyň pasport edinmek mümkinçiligi şu ýylyň dowamynda has-da agyrlaşdy. Ençeme ýyl bäri saklanýan nobatlar ozalkysyndan esli uzady, migrasiýa gulluklary tarapyndan biometriki pasport almak isleýänlerden edýän talaplary artdy. Düzgünleriň kesgitsizliginden we uly nobatlardan ejir çekýän raýatlaryň parahorlugyň we pasport galplygynyň pidasy bolmak töwekgelçiligi güýçlendi.
Türkmenistanyň raýatlaryndan biometriki pasport edinmek üçin talap edilýän dokumentleriň göwrümi şu ýyl ýene artdy, sowet döwründe berlen harby biletleriň täzelenmegi we bankdan kredit alynmandygy hakynda resminamalar goşuldy.
Türkmenistandan çykjak bolýan raýatlardan SSSR döwründäki harby biletleri çalyşmak talap edilýändigini Azatlyk Radiosynyň günbatar welaýatyndaky habarçysy 25-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna 25-nji oktýabrda mälim bolşuna görä, Balkanyň migrasiýa gullugy SSSR döwründe gulluk eden raýatlaryň harby biletlerini harby bölümlere tabşyryp, täze harby biletlere çalyşmagyny talap edýär. Täze talaba görä, 51 ýaşly we ondan uly ýaşly raýatlardan harby biletlerini çalyşmak, şeýle-de 53 ýaşy dolan erkek adamlardan harby wekillikde ätiýaçda durandygy hakdaky kepilnamany ýa-da harby ätiýaçdan çykaryldy diýen resminamany getirmek talap edildi.
Raýatlar şeýle düzgüniň bardygyny biometriki pasporty almak üçin migrasiýa gullugyna ýüz tutan wagtynda bilip galypdyr. Mundan öňki ýyl pasport almak üçin raýatlardan SSSR döwründe berlen dogulyş hakyndaky şahadatnamany çalyşmak talaby girizilipdi.
Daşary ýurtlara gitmekçi bolýan raýatlaryň Türkmenistanda duçar bolýan kynçylyklaryny artdyran goşmaça päsgelçilikleriň ýene biri adamlaryň bankdan kredit almagyna degişli boldy. Olar ýurtdan çykarylmady.
Orsýete, Türkiýä wiza alyp, Aşgabadyn howa menzilinde serhetden geçirilmän, daşary ýurt pasportyny elinden aldyran we yzyna Balkan welaýatyna dolanmaly bolan raýatlaryň sanynyň köpelýändigi Azatlyga oktýabryň başynda mälim boldy.
Balkandaky habarçymyzyň we ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, aeroportda biometriki pasportyny elinden aldyran balkanlylar munuň sebäbini anyklamak üçin welaýatyň migrasiýa gullugyna baranlarynda olara bankdan karz alan puluny üstüne prosentleri bilen gaýdyp berenlerinden soň pasportunyň beriljegi aýdylypdyr. Bu ýagdaý türkmenistanlylaryň, şol sanda ýol çykdajylary üçin kredit alýan pursatlarynyň köpelen pursadyna gabat geldi.
"Daşary ýurtlara gitmekçi bolýan adamlar daşary ýurt pasportyny düzetmek, wiza almak, ýol kireýi we beýleki zerur çykdajylary üçin bankdan karz pul alýarlar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýtdy.
Bu ýagdaý türkmenistanlylaryň, şol sanda ýol çykdajylary üçin kredit alýan pursatlarynyň köpelen pursadyna gabat geldi. Soňky döwürde daşary ýurtlara gitmek üçin banklardan karz alýanlaryň arasynda oba ýaşaýjylary we kärendeçi daýhanlar hem köp.
Nobatlar iki ýyldan geçdi
2024-nji ýylyň dowamynda pasport nobatlary öň görlüp-eşidilmedik derejede uzap, iki ýyldan aşdy.
Nobatlaryň 2026-njy ýyla çenli uzan wagtynda käbir welaýatlarda nobata ýazylmak üçin žetonlaryň ilatyň diňe käbir gatlaklaryna berilmegi wagtlaýyn togtadylypdy.
"Balkanabadyň etrap migrasiýa şahamçasy we welaýatdaky bölümleriň ählisi 2025-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli milleti türkmen bolan balkanly raýatlara nobat üçin žeton bermegi togtatdy. Ýöne welaýatdaky etniki azlyk wekillerine zagran pasportlar üçin 2026-njy ýyl üçin nobat žetonlaryny berýärler" diýip, balkanly çeşmeleriň biri 3-nji oktýabrda habar berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler bu ýagdaýyň etniki azlyklaryň wekilleriniň arasynda Türkmenistandan göçüp gitmek meýilleriniň artmagy we olaryň biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryna has köp ýüz tutmagy bilen baglydygyny habar beripdi.
Içerki pasporty almak kynçylygy
Ýylyň dowamynda raýatlaryň içerki pasportlaryny almagynda ençeme gezek kynçylyk döredi. Raýatlaryň pasportlarynyň resmileşdirilmeginiň häkimiýetler tarapyndan gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaý gyşda başlandy, tomus aýlarynda we güýzde ýene ýüze çykdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwar aýynda Balkan welaýatynda 16 ýaşyna ýeten raýatlara içerki pasportlaryň berilmeginiň wagtynyň yza çekilýändigini habar beripdi.
Sentýabrda Lebap welaýatynda ýaşaýjylar içerki pasportlary resmileşdirilende emeli bökdençlikleriň döredilip, prosesiň gijikdirilmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýerli çeşmeler tizleşdirilen görnüşde pasport almak üçin raýatlardan "200 dollar möçberinde" para soralýandygyny habar beripdi.
“Dört aý mundan öň oglumyň 16 ýaşy doldy, pasport almak üçin, pasport bölümine degişli resminamalary we suraty tabşyrdyk. Oglumyň pasporty heniz hem taýyn däl” diýip, maý aýynda pasport bölümine ýüz tutan Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar we bu ýagdaýyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde we Çärjew etrabynda hem içerki pasportlaryň resmileşdirilmeginiň köpçülikleýin görnüşde gijikdirilmegi bilen bagly hadysalar köpeldi.
Azatlyk Radiosynyň içeri işler edaralaryndaky bir çeşmesi bu meselede polisiýanyň raýatlary pasportlaşdyryş bölümleri tarapyndan “emeli kynçylyklaryň” döredilýändigini aýtdy.
Raýatlaryň içerki pasporty almagynda dörän kynçylyklar barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan resmi düşündiriş bolmady. Bellemeli ýeri, ýurtda eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2020-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky permany güýjünde saklanýar.
Raýatlar ýurtdan çykarylmaýar
Bu aralykda Türkmen häkimiýetleri ilatyň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döretmegini dowam etdirdi.
Uly nobatlara garamazdan, pasport almagy başaran we yzýany wiza edinip, uçar biletlerini satyn alan ýaşaýjylaryň daşary ýurtlara barýan uçarlardan düşürilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi Azatlyga mälim boldy. Köplenç ýurtdan çykarylmadyk raýatlara munuň sebäbi düşündirilmedi.
Şeýle-de, käbir maglumatlara görä, ýurt häkimiýetleri türkmen raýatlarynyň daşary ýurt wizalaryna bolan talabynyň möçberini ýaşyrmak üçin resmi bolmadyk çärelerden hem çekinmedi. Türkmen häkimiýetleriniň Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny 'gizlemegi soraýandygy' Azatlyga oktýabrda mälim boldy.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda raýatlar esasan iş, okuw we eklenç gözleginde köpçülikleýin daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýän mahaly, häkimiýetler käbir daşary ýurt ilçihanalaryndan wiza nobatlaryny gizlemegi soraýar diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler 7-nji oktýabrda habar berdi.
Maglumata görä, Russiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň öňünde bu ýurtlara syýahat etmäge isleg bildirýän türkmenistanly raýatlaryň wiza nobatlary has köp emele gelip başlapdyr.
“Bu nobatlaryň Türkmenistanyň hökümetiniň abraýyna kölege salmazlygyny gazanmak maksady bilen, häkimiýetler diplomatik kanallaryň üsti bilen daşary ýurt wekilhanalaryndan wiza nobatyna garaşýan adamlaryň üýşmeleňlerini köpeltmezligi haýyş etdiler” diýip, çeşme aýtdy.
“Öz gezeginde, daşary ýurt ilçihanalary hem Türkmenistanyň hökümeti bilen aradaky gatnaşyklary çylşyrymlaşdyrmazlyk maksady bilen, ilçihanalaryň öňünde nobata garaşylmagyny gadagan etdi. Olar adamlardan daşrakda garaşmagy soraýarlar, adamlar bolsa ilçihanalardan nobat belläp, sähel daşrakda, baglaryň kölegesinde garaşýarlar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.
Adamyň hukuklaryny depeleýär
Türkmen raýatlary dokument edinmekde kynçylyk çekýärkä, adam hukuklaryny goraýjylar dokument almakdaky böwetleriň adamyň raýat we adam hukugyny depeleýändigine we Türkmenistanyň öz boýnuna alan halkara borçnamalaryny bozýandygyna ünsi çekdiler aýtdy.
Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky öz raýatlarynyň pasportlaryny täzelemekden boýun gaçyrmagy olaryň hereket azatlygyna gatyşmaklyk bolýar we adamlary çynlakaý kynçylyklara sezewar edýär diýip, Adam hukuklary boýunça "Türkmenistan Helsinki gaznasy" we Düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Human Rights Watch" (HRW) guramasy tarapyndan 11-nji noýabrda çap edilen hasabatda aýdylýar.
“Men kapasada ýaly ýaşaýaryn: Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýedäki türkmen raýatlaryny pasportlardan mahrum etmegi” atlandyrylýan 70 sahypalyk hasabat Türkmenistanyň daşary ýurtlarda öz raýatlarynyň pasportlaryny täzelemekden boýun gaçyrmagyny türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň hereket azatlygyny ýiti çäklendirmek tagallalary hökmünde düşündirýär. Şeýle tejribelere häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli repressiýanyň bir bölegi hökmünde garalýar.
“Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar pasportlaryny täzeletmek üçin Türkmenistana dolananlarynda gaýtadan ýurtdan çykyp bilmezlik töwekgelçiligi bilen ýüze-ýüz bolýarlar. Sebäbi, ýa täze pasport almaklyk uzak wagty talap edip bilýär, ýa-da türkmen hökümeti yzygiderli görnüşde adamlaryň daşary ýurtlara syýahat etmek erkinligine gatyşýar. Şonuň üçin, adamlar pasportlaryny täzeletmek üçin, eger Türkmenistana dolansalar, ýurtdan çykyp bilmeris öýdüp, çynlakaý gorkýarlar we alada edýärler” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Alaçsyzlyk adamlary galplygyň pidasyna öwürýär
Azatlyk Radiosynyň noýabrda geçiren derňewleri Moskwada galp türkmen pasportlaryny ýasap berýän adamlaryň üstüni açdy.
“Bu pasport bilen Ýewropanyň islendik ýurduna uçar ýa-da başga ulag bilen arkaýyn gidip bilersiňiz. Ýöne bu pasport bilen diňe Türkmenistana gidip bolmaýar” diýip, Telegramda galp türkmen pasportlaryny resmileşdirmek hyzmatyny hödürleýän hem-de özüni özbegistanly Begzod hökmünde tanyşdyran adam aýdýar.
Daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan türkmenistanlylar pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistana dolanmaga mejbur bolýarlar. Olar ýurda dolanan halatlarynda häkimiýetler tarapyndan eden-etdilikli ýagdaýda gaýtadan ýurtdan çykarylmazlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ýa-da täze pasport çykarmagyň möhleti uzaga çekip bilýär.
Köp sanly türkmenistanlylar şeýle howatyrlanmalaryň arasynda bikanun ýagdaýda daşary ýurtlarda galmagy saýlaýarlar. Bu bolsa bikanun migrantlary iş we okuw mümkinçiliklerinden ýa-da saglyk we beýleki hyzmatlardan mahrum edip bilýär.
Bu ýagdaý türkmen hökümetiniň öz raýatlaryna konsullyklaryň üsti bilen pasport çykaryp bermekden boýun gaçyrmagynyň fonunda döredi.
Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda öz raýatlaryna pasportlary daşary ýurtlardaky ilçihanasynda bermek işi berjaý etmeýär. Türkmen hökümetiniň şeýle tejribäni girizmek boýunça planynyň bolup-bolmazlygy hem nämälim galýar. Bu mesele ýurtda resmi taýdan gozgalmaýar.
Migrasiýa problemasyny resmi derejede gozgamaýan türkmen hökümeti ilatyň daşary ýurtlara gatnamagynyň derejesini görkezýän resmi sanlary şu ýyl hem çap etmedi.
Azatlyk Radiosynyň döwlet statistikalaryndan habarly çeşmeleri bäş ýyl çemesi mundan ozal 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1 million 900 müň çemesi türkmenistanlynyň uzak möhletli ýa-da hemişelik esasda daşary ýurtlara çykandyklaryny habar beridi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.