Garagumda it ýaryp, hassahana ýüz tutýan raýatlar "köpelýär"
Marynyň Garagum etrabynda it ýaryp, hassahana ýüz tutýan adamlaryň, şol sanda çagalaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.
Ýerli häkimiýetler, ösen döwletlerde bolşy ýaly, öýsüz jandarlara rehimlilik bilen çemeleşmegiň deregine, raýatlara olary wagşylarça öldürmegi maslahat berýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.
“It ýaryp, hassahana gelýän raýatlaryň arasynda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary hem bar. Biz köplenç olara 20 günlük sanjym ýazyp berýäris. Olar 20 günüň dowamynda günde iki, jemi 40 sanjymy göbeginiň her tarapyndan almaly bolýarlar” diýip, etrap hassahanasynyň bir saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, uly ýaşly adamlary we çagalary it ýarmagy bilen bagly ýagdaýlara etrabyň tas ähli çetki obalarynda duş gelse bolýar.
“It ýaryp, hassahana düşen raýatlar polisiýa işgärleri tarapyndan sorag hem edilýär. Olar wakanyň nirede bolandygyny, ýaran itiň reňkini, boýuny, kimiň itidigini soraýarlar. Resmi kagyz doldurýarlar. Ýöne olara garşy hiç hili çäre görmeýärler” diýip, ýakynda it ýaran garagumly ýaşaýjy aýtdy.
Ol munuň sebäbini soňky döwürde öýsüz-öwzarsyz itleriň üýşüp, obalara gelmegi bilen bagly wakalaryň köpelendigi barada polisiýa işgärlerine we arçynlyga ençeme gezek ýüz tutandyklary bilen delillendirýär.
“Hem polisiýa, hem-de arçynlyga ençeme gezek ýüz tutandygymyza garamazdan, ýarýan itlere garşy çäre görülmeýär. Biz olardan itlere sanjym edilmegini, adamlara, çagalara topulmaz ýaly, ideg edilmegini, iýmit berilmegini soradyk. Ýöne häzire çenli netije ýok. Aç itler obamyzda heniz-de aýlanyp ýör” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Galyberse-de, oba arçynlary we polisiýa işgärleri jandarlara rehim-şepagat görkezip, köçelerden ýygnamagyň ýa-da tutup, degişli sanjymlary etmegiň deregine, ozalky tejribelerine eýerip, olary wagşylarça öldürmegi maslahat berýärler.
“Bizde ýarag, awy ýok. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärlerinde hem, itleri atyp öldürer ýaly ok-däri ýok. Özüňiz awy satyn alyp, malyň içegesiniň içine awy salyp, bölekläp itlere berip öldüriň” diýip, ýerli ýaşaýjy arçynlygyň işgäriniň aýdan sözlerini sitirleýär.
Ýöne ýaşaýjylar öýsüz-öwzarsyz jandarlary wagşylarça öldürilmegiň deregine, olaryň köçelerden ýygnalyp, ýörite penahanalara ýerleşdirilmelidigini belleýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Garagum etrap hassahanasyndan resmi teswir alyp bilmedi.
Bu waka, adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan Türkmenistanyň hökümetiniň öýsüz-itdir pişikleri “gyrmak” boýunça alyp barýan kampaniýasynyň nobatdaky gezek güýçlenen mahalyna gabat geldi.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda 25-nji noýabrda şeýle çärelere badalga berlip, şondan bir gün soňra şäheriň etrapçalarynda ellerinde armatur göterip, it-pişik gözleýän adamlar peýda boldy.
Türkmenistanda itleriň köpçülikleýin ýerlerde awlanmagy we köçelerde ilatyň gözüniň öňünde rehimsizlik bilen öldürilmegi ýyllarboýy dowam edýär.
Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada resmi derejede hiç hili mesele gozgamaýarlar. Bu barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.
Munuň bilen bir wagtda, ýurt ýolbaşçylary “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli itiň kultuny ösdürýär. Paýtagtda alabaý itine bagyşlanyp, ýörite heýkel oturdyldy. Oktýabr aýynda alabaý itiniň ýörite baýramy hem bellenip geçilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.